Soňky wagtlarda türkmen dilli sosial media ulanyjylaryň arasynda tireparazçylyk we ýerliçillik ýaly temalaryň ýygy-ýygydan gozgalýandygyny synlasa bolýar. Şeýle media meýillerini ýakyndan synlaýan synçylar käbir çykyşlaryň tireparazçylygy ündeýändigini, olaryň köplenç bir tiräni, ýa-da bir welaýatyň halkyny götergiläp, beýlekileriň ähmiýetini pese gaçyrmaga synanyşýandygyny aýdýarlar. Ýöne sosial ulgamlarda tireparaz garaýyşlara garşy çykyş edip, şeýle gürrüňleriň jemgyýetde jebislige howp abandyrýandygyny duýdurýan hasaplaram işjeňleşýär.
Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri programmasynyň nobatdaky sany türkmen jemgyýetinde has-da aktuallaşan tireparaz we ýerliçil garaýyşlara ýakyndan syn etmäge synanyşýar.
Gepleşigiň dowamynda Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň bu tema boýunça toplan maglumatlaryna, ýerli synçylaryň we bilermenleriň garaýyşlaryna salgylanylýar.
Azatlyk Radiosy awgustyň birinji hepdesinde Ahal welaýatynyň möhüm merkezlerinde, Arkadag we Änew şäherlerinde tireparaz we ýerliçil çemeleşmelerden ejir çekýän içerki migrantlaryň, beýleki welaýatlardan gelen gurluşyk işçileriniň ýüzbe-ýüz galýan problemalary barada habar berdi.
Şonda içerki migrantlar özleriniň gelip çykan welaýatlary bilen baglylykda öz şahsyýetleriniň, at-abraýlarynyň kemsidilýändigini, ýa-da özleriniň äsgerilmeýändigini aýtdylar.
Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlaryndan bolup, Ahal welaýatynyň ýa-da paýtagt Aşgabat şäheriniň çäginde alnyp barylýan gurluşyklarda işleýän raýatlar bu sebitlerde bolýan jenaýatçylyk hadysalarynyň, neşekeşligiň we ahlaksyz hereketleriň köplenç welaýatlardan gelen adamlaryň üstüne ýöňkelmäge synanyşylýandygyny aýtdylar.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi jenaýat hadysalary boýunça resmi statistikalary, jenaýat hadysalarynyň ýurduň demografik aýratynlyklary bilen baglanşyklydygyny ýa-da däldigini görkezýän sanlary köpçülige äşgär etmeýär.
Ýöne Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşleri günorta sebitlerde hatda hukuk goraýjy işgärleriň özleriniň tireparazlygy we ýerliçilligi öňe sürýän halatlarynyň bolýandygyny, häkimiýet wekilleriniň bu mesele boýunça öz pozisiýalarynyň jemgyýetde asudalyga howp abandyrýandygyny aýdýarlar.
“...Häkimiýet we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri welaýatlardan gelen işçilere paýyş sözleri aýdyp, olary tireparaz äheňli kemsitmelere sezewar edýärler” diýip, günorta sebitde zähmet çekýän maryly bir gurluşykçy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim gürrüňdeşlikde aýtdy.
Ýerli synçylar şeýle hadysalary göz öňünde tutup, tireparaz meýillere diňe bir sosial ulgamlarda däl, eýsem ilat arasynda, ýokary okuw jaýlarynda, orta mekdeplerde, harby bölümlerde we beýleki edaralarda hem giňden duş gelmegiň mümkindigini aýdýarlar.
Radio bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan türkmenistanly taryhçy tireparazçylygyň türkmenleriň arasynda irki döwürlerden bäri bolandygyny, dürli döwürlerde halkyň ýüzbe-ýüz galan kyn şertlerine garamazdan şeýle meýilleriň häzirki döwürlere çenli ýetip gelendigini aýdýar.
'Şejere daragty'
Taryhçynyň aýdan sözlerini giňişleýin getirmezden ozal, türkmen tire-taýpalary barada ýazylan kitaplar, etnografik maglumatlar, etnologlaryň aýdan sözleri goşmaça kontekst berip biler.
Dilçi alym Soltanşa Atanyýazow türkmen tire-taýpalary, olaryň gelip çykyşy, tire-taýpa atlarynyň aňladýan manylary barada “Türkmenleriň şejere daragty” atly kitap ýazdy. Bu eser türkmen tire-taýpalary barada möhüm gollanma bolup hyzmat edýär.
Jemgyýeti öwrenijiler türkmenleriň arasynda genealogiýanyň asyrlar boýy möhüm ähmiýete eýe bolandygyny, adamlaryň gan taýdan, gen taýdan gelip çykyşynyň aýratyn ähmiýetli bolandygyny aýdýarlar.
Oba ýerlerinde, hatda wagtal-wagtal şäher ýerlerinde hem käbir uly ýaşly adamlar tanyşlyk açanda “sen kimlerden bolarsyň” diýen ýaly soraglar bilen adamlaryň gelip çykyşy, genealogiýasy, olaryň degişli bolan tiresi ýa-da taýpasy bilen gyzyklanýarlar.
Resmi edaralarda işe kabul edilende ýa-da nähilidir bir barlag geçirilende hem adamlaryň üç arkasy, olaryň gelip çykyşy seljerilýär. Ýöne üç arka beýlede dursun, türkmenleriň arasynda “ýedi arkaňy bilmek – parz” diýen ýaly nakyllar we atalar sözi häzirki güne çenli öz güýjüni we ähmiýetini saklap gelýär.
Ýedi arka ylmy dilde genealogiýa hökmünde kabul edilýär. Häzir hatda ösen ýurtlarda hem adamlaryň gen tabşyryp, özüniň gelip çykyşyny, ata-babalarynyň niredelerde ýaşap geçendigini anyklamaga gönükdirilen testler köpelip başlady.
Temadan daşlaşman, tire-taýpalar baradaky gürrüňe dowam edeli! Soltanşa Atanyýazow 1990-njy ýyllarda ýazan kitabynyň Giriş bölüminde beýleki käbir ýaramaz häsiýetler bilen bir hatarda “tireparazlygyň” erbet häsiýet hökmünde ýaşlaryň arasynda ýoň bolup barýandygyny aýdyp, şikaýat edýär. Ýöne alymyň türkmen genealogiýasy barada öz ýazan kitaby şeýle häsiýetleriň saklanyp galmagyna nä derejede täsir etdi? Munuň täsirini anyklamak mümkin däl. Ol sowetler döwründe türkmenleriň arasynda tire-taýpalary ýatdan çykarmak ugrunda anyk tagallalaryň durmuşa geçirilendigini aýdýar, ýöne ol şeýle tagallalary türkmen däplerini bilgeşleýin ýitirmek ugrunda ädilen ädimler hökmünde ileri sürýär.
'Türkmenler baglasa bir ýere bili'
Käbir türkmen taýpalarynyň atlary häzirki türkmen ruhy giňişliginiň gönezligi hasaplanýan Pyragynyň goşgularynda hem agzalýar.
Gündogaryň beýik akyldar şahyry “Döker bolduk ýaşymyz” goşgusynda şeýle diýýär:
“Türkmenler baglasa bir ýere bili / Gurudar Gulzumy, derýaýy-Nili / Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili / Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz”
Ol döwürler, hususan-da Pyragynyň ýaşap geçen döwürleri, 18-19-njy asyrlar asyrlar türkmenleriň tire-taýpa bolup, dagynyk ýaşan döwürleri bolupdyr, merkezleşdirilen harby we syýasy güýç bolmandyr.
Ýöne Pyragynyň tekstlerinde akyldaryň “teke, ýomut, gökleň ýazyr, alili” diýip, diňe bäş taýpanyň adyny agzamagy, munuň aňyrsyndaky mümkin bolan syýasy-ykdysady sebäpler okyjylary gyzyklandyrýar. Meselem, şol döwürlerde şol taýpalar iri taýpalarmydy? Türkmenleriň arasynda başga-da onlarça iri taýpa bar. Muňa garamazdan, meselem, “gökleň” taýpasy san taýdan uly taýpamydy, ýa-da Magtymgulynyň özüniň gelip çykyşy “gökleň” bolansoň, öz goşgusyna bu taýpanyň adyny girizdimi? Asyl, bu goşgy Pyragynyň özüne bir degişlimi? Sebäbi, Magtymgulynyň ýazmadyk bir topar goşgularynyň soňundan, toslanyp, onuň adyna dakylandygy barada ylmy barlaglar, edebi işler ýazyldy.
Wikipedia maglumatlarynda türkmenlerde 30-dan gowrak iri taýpalaryň bolandygy aýdylýar: olardan alty sanysy – teke, ýomut, ärsary, çowdur, gökleň we saryk taýpalary has iri taýpalar hasaplanypdyr.
Pyraga bagyşlanan resmi web sahypada ýaňky agzalýan goşgynyň iň soňundaky “bir döwlete gulluk etsek bäşimiz” diýen jümle “bir patyşa gulluk etsek bäşimiz” diýip üýtgedilipdir. Originalynda, asyl nusgasynda Pyragy “döwlete gulluk etsek” diýdimi, ýa-da “patyşa gulluk etsek” diýdimi, ony anyklamak aňsat däl.
Aýraçylyk we dagynyklyk
Şol döwürlerde türkmen tire-taýpalary bir-birekden alysda ýaşap, dagynyk hereket edipdirler. Türkmenler Garagum çölüniň töwereginde, eteginde mesgen tutansoň, häzir hem bire-birekden alysda ýaşaýar. Ýöne häzir ösen transport ulgamlary, uçar, otly we awtomobil gatnawlary tire-taýpalary bir-birege golaýlaşdyrýar.
Muňa garamazdan, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda welaýatlardan gelen awtoulaglaryň wagtal-wagtal, hususan-da paýtagta salynmazlygy, içerki migrantlaryň baýramçylyk çäreleriniň öňüsyrasynda paýtagtdan kowulmagy barada habar berip gelýärler. Ýerli synçylar şeýle çäreleriň hem agzalalylyga, welaýat ýaşaýjylarynyň ala tutulmagyna alyp gelýändigini we, öz gezeginde, ýerliçillige goşant goşýandygyny aýdýarlar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan taryhçynyň sitatalaryna dolansak, ol türkmenleriň arasyndaky tire-taýpa dagynyklygynyň mongol basybalyjylarynyň hüjümlerinden soňky döwürlerde has ýitileşip başlandygyny aýdýar.
Şeýle-de, ol Rus imperiýasynyň türkmenlere agalyk eden döwürlerinde-de, Sowet ýyllarynda-da halk arasynda tireparazlygyň, tire-taýpa bölünişiginiň saklanyp galandygyny, şeýle ýagdaýyň garaşsyzlyk ýyllarynda hem dowam edýändigini aýdýar.
"Türkmen halkynyň millet hökmünde kemala geliş prosesi mongol basybalyjylarynyň hüjüminden soň haýallady, ençeme asyrlap döwletsizlikde ýaşan tire-taýpalar ençeme taryhy, syýasy we ykdysady sebäplere görä bitewi bir döwlete birleşip bilmediler, netijede, özara düşünişmezlik, tireparazlyk, dawa-jenjeller gaýta-gaýta duş gelip duran "meselä" öwrüldi” diýip, taryhçy aýdýar.
Habarçymyz bilen aýry-aýrylykda gürrüňdeş bolan beýleki bir intelligensiýa wekili tireparazlygyň hem-de ýerliçilligiň, galyberse-de häkimiýetleriň bu mesele boýunça hereketsiz galmagynyň türkmen halkynyň bir bitewi millete öwrülemk prosesini haýalladýandygyny aýdýar.
Tireparazlygy ündeýän çykyşlarda köplenç bir welaýat has öňe çykarylyp, beýleki welaýatlara äsgermezçilik bilen garalýan gürrüňler gozgalýar.
Arkadag we Änew şäherlerindäki gurluşyklarda özleriniň tireparazlyk we ýerliçillik bilen baglylykda kemsidilýändiklerini aýdýan içerki migrantlar munuň bilen baglylykda esasan ahally we aşgabatly ýaşaýjylaryň ençemesine barmak çommaldýarlar. Ýöne Türkmenistanda tireparazlygyň we ýerliçilligiň diňe bir welaýatyň, ýa-da bir şäheriň ýaşaýjylaryna degişli bolup-bolmandygyny görkezýän ylmy barlag işi ýa-da obýektiw barlaglara esaslanýan pikir soraşygyň netijeleri jemgyýetçilige elýeterli däl.
“1924-nji ýylda Türkmenistan respublikasynyň serhetleriniň çyzylyp, türkmen döwletiniň esaslandyrylmagy, elbetde, asyrlarboýy dagynyk ýaşan türkmen milleti üçin uly taryhy sepgit boldy, emma muňa garamazdan, tireparazlyk we ýerliçillik meselelerine sowet häkimiýetleri tarapyndan hiç hili çözgüt tapylmady, netijede, bu mesele "keçäň aşagynda galdyryldy". Çözülmedik mesele bolsa, öz gezeginde, täze meseleleri we problemalary döredýär, şol sebäpli hem, hatda berk sowet totalitarizmi we "halklar dostlugy" döwründe hem, meselem, geçen asyryň 60-80-nji ýyllarynda hem merkezi Aşgabatda beýleki welaýatlaryň ýaşaýjylaryna çydamsyzlyk, tireparazlyk gözi bilen seretmek prosesleri seýrek däldi. Gynansagam, bu çydamsyzlyk käbir ýagdaýlarda welaýatlarda aşgabatly we ahallylara garşy çydamsyzlygy getirip çykardy. Bu ýagdaýy resmi derejede diňe 1991-nji ýylda, ýurt özbaşdak bolansoň, birinji prezident Nyýazow dile getiripdi. Emma ol hem, soňy bilen, döwlet derejesinde ahally we aşgabatly kadrlary welaýatlara bellemek praktikasyny girizdi we iş ýüzünde öňden gelýän problemany diňe çuňlaşdyrdy” diýip, ýerli synçy aýdýar.
Kanun näme diýýär?
Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi tireparazlygyň öjükdirilmegine garşy jeza çärelerini göz öňünde tutýar. Kodeksiň 189-njy maddasy “durmuş, milli, tire-taýpa, etniki, jynsy, dini duşmançylygy ýa-da agzalalygy döretmäge, milli mertebäni kemsitmäge gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri edene” binýatlyk möçberiň ýigrimisinden kyrkysyna çenli jerime tölegini, ýa-da üç ýyl çenli azatlykdan mahrum etmek jezasyny göz öňünde tutýar.
Ýöne ýerli ýaşaýjylar tire-taýpa agzalalylygynyň kä halatda hut häkimiýet wekilleriniň özleri tarapyndan öjükdirilendigine garamazdan, bu madda boýunça jogapkärçilige çekilen hukuk goraýjy ýa-da häkimiýet wekili jemgyýetçilige mälim däl.
Azatlyk Radiosynyň öňki ýyllarda hem habar berşi ýaly, şu wagta çenli jemgyýetçilige malim bolan diňe bir iş boýunça ýokary derejeli resmi beýleki käbir jenaýatlar bilen bir hatarda “tira-taýpa agzalalylygyny” döretmekde aýyplandy.
Ýatlasak, 2006-njy ýylda Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow aradan çykanda, Mejlisiň şol wagtky başlygy Öwezgeldi Ataýew derrew wezipeden çetledilip, tussag edildi. Şonda Ataýew tire-taýpa arasyndaky bäsdeşligi öjükdirmekde aýyplanypdy. Ol tussag edilmedik bolanda, Mejlisiň başlygy hökmünde, kanun taýdan, prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmeli adam bolmalydy.
Çydamsyzlygyň görnüşleri
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş türkmenistanly bir jemgyýeti öwreniji häzirki zaman türkmen jemgyýetinde tireparazlygyň we çydamsyzlygyň esasan üç görnüşde ýüze çykýandygyny aýdýar:
“Birinjiden, Aşgabatdan we Ahal welaýatyndan bolan emeldarlaryň hem-de bu sebitlerden bolan käbir ýaşaýjylaryň beýleki ähli welaýatlaryň ýaşaýjylaryna gönükdirýän çydamsyzlygy
Ikinjiden, aşgabatly, ahally, balkanly we az sanda maryly käbir ýaşaýjylaryň daşoguzly we lebaply ýaşaýjylara gönükdirýän çydamsyzlygy
Üçünjiden, çydamsyzlyga sezewar bolýan ýaşaýjylaryň aşgabatly we ahally ýaşaýjylara jogap hökmünde gönükdirýän çydamsyzlygy”
Başga-da birnäçe intelligensiýa bu toparlar bilen ylalaşyp, olaryň arasynda esasan birinji toparyň has giň ýaýrandygyny we jemgyýetde has giň duýulýandygyny aýdýarlar.
Şeýle çydamsyz çemeleşmeleriň ikinji görnüşi, ýagny günorta, günbatar we günorta-gündogar sebitleriň käbir ýaşaýjylarynyň demirgazyk we gündogar sebitleriň ýaşaýjylaryna gönükdirýän çydamsyzlygy, jemgyýeti öwrenijiniň seljermelerine görä, esasan etnolingwistik stereotiplerden gözbaş alýar.
Ýagny, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň etniki gelip çykyşy we olaryň dil-şiwe aýratynlygy Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynyň käbir ýaşaýjylarynda olara garşy çydamsyzlyga sebäp bolýar. Mälim bolşy ýaly, ilat ýazuwynyň resmi netijelerine görä, bu sebitlerde esasan özbek azlyklary ýaşaýar. Daşoguzda 490 müň çemesi, Lebapda 136 müň töweregi etniki özbek ýaşaýar.
“Etniki çydamsyzlyk we tireparazlyk ýaly problemalar köp halatda türkmen jemgyýetinde kök uran stereotiplerden, şeýle-de tankydy pikirlenme endiginiň, bir-birege çydamlylygyň, tolerantlylygyň bolmazlygyndan gözbaş alýar” diýip, jemgyýeti öwreniji aýdýar.
Ol, meselem, käbir paýtagtly ýaşaýjylaryň arasynda dil we medeni aýratynlyklar bilen baglylykda nohur tiresine bolan çemeleşmelere, ýa-da käbir aşgabatly we ahally ýaşaýjylaryň birmeňzeş aýratynlyklar bilen baglylykda lebaply we daşoguzly ýaşaýjylara bolan çydamsyzlygyna salgylanýar.
'Häkimiýet halk bilen barlyşmaly'
“Ýöne, aslynda, şeýle ýagdaýlaryň ählisiniň özeninde türkmen häkimiýetleriniň ýyllarboýy halk bilen arada dialogy ýola goýmazlygy ýatyr” diýip, synçy aýdýar.
Ol deňligi ýola goýup, ýerliçilligi aradan aýyrmak üçin, ähli welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň paýtagtly we ahally ýaşaýjylar bilen deň derejede durmuş-ykdysady şertler bilen üpjün edilmelidigini, olar üçin iş mümkinçilikleriniň döredilmelidigini aýdýar.
"Häkimiýetleriň soltanlyk gurmak ambisiýalary (niýetleri we hyjuwlary) ilkinji nobatda resmi derejede režime gulluk edäýjek aşgabatly we ahally emeldarlara esaslanyp, durmuşa geçirilýär. Paýtagtda we Arkadagda fasad we göz üçin iýmit, ulag, aragatnaşyk ganymaty üpjün edilýär, emma şol bir wagtyň özünde, welaýatlar gitdigiçe ykdysady we sosial çökgünlige çümüp barýarlar. Şeýle agyr pursatda häkimiýetleriň geleňsizligi soňy bilen ýurduň bitewiligine, döwletliligine, türkmen halkynyň milletliligine uly howp salýar” diýip, synçy aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan taryhçy häkimiýetleri tireparazlyga, agzalalyga, ýerliçillige we çydamsyzlyga garşy halk bilen bilelikde egin-egine berip, göreşmäge çagyrýar.
“Bolmasa, ahyrsoňy Liwiýa senariýasynyň başa gelmegi gaty ahmal " diýip, ol sözüni jemleýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum